Täzelikler

Aýlygyňy nädip galdyrmaly?

Täzelikler - 18 08 2023

Aýlygyňy nädip galdyrmaly? surady

Siz näçe aýlyk alýaňyz? 3, 4, 5 ýa-da 6 müň manatmy? Nähili bolsa-da, siz bir ýerde, hususan-da, kompaniýalarda uzak wagtlap zähmet çekýän bolsaňyz, onda aýlyk hakyňyzyň hem köpelmegini isleýänsiňiz. «Işgär» size iş berijileriňize (başlyklaryňyza) aýlygyňyzy köpeltdirmek bilen baglanyşykly birnäçe maslahatlary hödürleýär:

1. Taýýarlyk

Aýlygyňyzy köpeltmek bilen baglanyşykly ýüzlenmezden ozal taýýarlyk görüň. Siziň wezipäňizde işleýän beýleki hünärmenler näçe hak alýalar? Siziň işdeşleriňiz näçe gazanýar. Olar beýleki kompaniýalardaky hünärmenlerden az ýa-da köp aýlyk gazanýarmy? Siz kompaniýanyň üstünligi üçin näme iş etdiňiz? Siziň artykmaçlyklaryňyz nämeden ybarat? Bu maglumatlary seljerip, onson gepleşige girmelisiňiz.

2. Laýyk wagty kesgitläň. 

Gepleşmäge irden girmeli däl. Çünki, adatça, ir bilen edaralarda gyssagly gündelik işler edilýär. Bu bolsa başlyklaryňyzda size bolan ýakymsyz duýgy oýaryp biler. Onuň işiniň az, keýpiniň gowy wagtyny saýlap almaga dyrjaşyň. Bilermenler aýlygyňy galdyrmak bilen baglanyşykly soraglaryň günortanlyk naharyndan soň maslahatlaşylmagynyň tarapdarydyr.

3. Ynamly gürläň.

Siz başlygyňyz bilen gürleşmezden ozal, ilki bilen, özüňize ynamyňyz bolmalydyr. Siz hakykatdan hem aýlygyňyzyň galdyrylmagyna mynasyp. Şeýle ýagdaýda, siz kompaniýa üçin edýän işiňiziň möçberini, tagallalaryňyzy dogry düşündirip bilseňiz, ynamly we mylakatly gürleseňiz, siz üstünlik gazanyp bilersiňiz.

4. «Ýok» jogaba taýýar boluň.

Aýlygy ýokarlandyrmak baradaky haýyşlaryň hemmesiniň amala aşmazlygy ähtimal. Başlygyňyz kompaniýanyň ýagdaýy bilen, pulunyň ýokdugy, girdejiniň azdygy sebäpli kömek edip bilmeýän bolsa, ruhdan düşmäň. Tutanýerli işlemegi dowam ediň we wagtyň geçmegi bilen ýene-de bir gezek synanyşyň. Aýlygyňyzy galdyrmagyň ornuna başga artykmaçlyklary sorap görüň.

Siz başlygyňyz bilen aýlyk hakyňyzy köpeltmegiň gürrüňini şu görnüşde başlap bilersiňiz:

«[Başlygyň ady], mümkin bolsa men aýlyk hakym barada gürleşesim gelýär. Men bu kompaniýada [wagt bäri] işläp gelýärin. Şu wagtyň dowamynda men [eden işleriňiz, artykmaçlyklaryňyz] ýerine ýetirdim. Meniň şu wagtky aýlygym, bu kompaniýa üçin eden işlerime laýyk däl, meniň gymmatymy görkezenok. Şonuň üçin mümkin bolsa men aýlygymy galdyrmak barada gürleşesim geldi».

Eger-de başlygyňyz ýokardaky sebäplere görä, aýlygyňyzy galdyryp bilmeýän bolsa, başga artykmaçlyklary sorap görüň. Belki, üstünlikli tamamlan işiňiz üçin, ol size goşmaça höweslendiriji tölär ýa bolmasa hepde-de bir gün dynç berer. Hünäriňizi kämilleşdirmek bilen baglanyşykly okuwlara ugradyp biler. Umuman, meseläni dürli tarapdan çözmäge synanyşyň. 

Esasy zat aýlygyňyzy köpeltmegi soramakdan çekinmäň. Ähli zat şu gürrüňlerden başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, siziň islegleriňiziň ýa-da talaplaryňyzyň mümkin bolanlary goldanylmaýan bolsa, onda işden çykmaga taýýar boluň. Bu siziň özüňizi we zähmetiňizi sylaýandygyňyzy görkezer.