HoReCa söwda agenti (Kafe / Bar / Restoran)
Biz öz toparymyza Aşgabat şäherindäki dynç alyş we iýmitleniň merkezlerinde (kafe, bar, restoran) içgiler hem-de tort-süýji önümleri üçin niýetlenen önümleri (siroplar, gaýmaklar/sliwki we beýlekiler) tanyşdyrmak we satmak üçin aktiw
HoReCa söwda agentini gözleýäris.
Dalaşgäre bildirilýän talaplar
- Aktiw söwda ulgamynda iş tejribesi — HÖKMAN. (HoReCa ulgamynda tejribesiniň bolmagy artykmaçlyk berýär).
- Şahsy awtomobiliniň bolmagy — HÖKMAN.
- Umumy iýmitleniş bazaryny (kafe, bar, kofeýna, restoran) gowy bilmek.
- Önümleri owadan tanyşdyrmak (prezentansiýa etmek), dogry we täsirli gepleşikleri geçirmek ukyby.
Iş borçlary
- Dürli kafe, bar, restoran, kofeýna baryp, önümleri tanyşdyrmak.
- Haryt toplumyny öňe sürmek: siroplar, gaýmaklar (sliwki) we beýleki ýöriteleşdirilen önümler.
- Täze müşderileri gözlemek, şertnamalary baglaşmak we müşderi binýadyny giňeltmek.
- Önüm üpjünçiligine hem-de özara hasaplaşyklara gözegçilik etmek.
Iş şertleri
- Zähmet haky: 8 000 — 10 000 manat.
- Ofisiň ýerleşýän ýeri: Aşgabat şäheri, 14-nji tapgyr, «Asuda Asman» binasy.