Hyzmatlarymyz
«Işgär» platformasyndan has netijeli peýdalanmak üçin birnäçe hyzmatlar hödürlenilýär. Hyzmatlaryň hersi ulanyjylaryň isleglerine görä ýöriteleşendir.
Täzelikler - 28.02.2025
Dünýäniň iň meşhur psihologlarynyň biri Jordan Peterson 1962-nji ýylda Kanadanyň Edmonton etrabynda dogulýar. Ol 1997-nji ýylda Garward uniwersitetini üstünlikli tamamlaýar. Şondan bäri hem Peterson psihologiýa ugrundan üstünlikli tejribe geçirmegini dowam edýär. Ol ençeme ýyllaryň dowamynda adamlara kynçylyklary we depressiýany ýeňip geçmäge kömek edýär. Şeýle adamlaryň arasynda meşhur ýyldyzlaryň, şol sanda Kriştianu Ronaldunyň bardygy hem ýöne ýerden däl.
Peterson ençeme ýyllaryň tejribesini «Durmuşyň 12 düzgüni: Haosa em» (12 Rules for Life: An Antidote to Chaos) eserinde jemläpdir. Biz hem psihologyň siziň durmuşyňyzy kadalaşdyrmaga we üstünliklere ýetmäge mümkinçilik berjek 12 sany düzgüni bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
1. Dik duruň, egniňizi ýokarda saklaň;
2. Sizden kömek soranda, ýüzünden geçip bilmejek adamyňyza öwrüliň;
3. Size kömek edýän we üstünlikleriňize guwanýan adamlar bilen dostlaşyň;
4. Özüňizi özgeler bilen däl-de, düýnki özüňiz bilen deňeşdiriň;
5. Çagalaryňyza Size erbet täsir etjek hereket etmegine ýol bermäň;
6. Başgalary tankytlamazdan ozal, öz durmuşyňyzy tertipläň;
7. Siziň üçin manyly bolan, sizi kanagatlandyrjak işleriediň;
8. Dogryňyzy aýdyň. Iň bolmanda ýalan sözlemäň;
9. Başga bir adamy diňläniňizde, onuň siziň bilmeýän zatlaryňyzy bilýän bolmagynyň ähtimallygyny ýatdan çykarmaň;
10. Sözleýşiňizde dürs we takyk gürläň;
11. Oýnap ýören çagalaryň ýüreklerine düşmäň;
12. Ýolda pişige duşsaňyz, ony sypalaň.
Доставщик
5000Gör
Требуются уборщицы
2.500Gör
Нужные операторы пк
3.500Gör
Satuw (Torgowy) - lar gerek
Göterimleýin aýlykGör
Требуется продавщица
1500+%Gör
Требуются курьеры
договорнаяGör
Требуется котельщик
1920Gör
Требуется электрик
4000Gör
Требуются декларант
по итогам собеседованияGör
Требуется мастер по кондиционерам
по итогам собеседованияGör